Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen hem daşary ýurt talyplary himiýa boýunça internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrylýar

12:2518.03.2022
0
11475

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti himiýa boýunça Halkara internet olimpiadasyny geçirýär. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar.

Ýokary okuw mekdebiň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, şu ýylyň 20-nji martyndan başlap, 20-nji apreline çenli oňa gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar hasaba alnar.

Halkara olimpiada uniwersitetiň bilim resmi portalynyň «moodle» meýdançasynda onlaýn görnüşde türkmen, rus we iňlis dillerinde özbaşdak hem-de toparlaýyn geçiriler.

Özbaşdak tapgyr iki dereje boýunça geçiriler. Onuň birinji derejesinde himiýa ugrundan, ikinji derejesinde bolsa oňa ugurdaş bolmadyk ugurlardan bilim alýan talyplar gatnaşarlar. Olimpiada her ugur boýunça bäş talyp gatnaşdyrylýar.

Himiýa dersinden başarnykly talyplaryň bäsleşigi 4-nji maýda geçiriler, şol gün hem bäsleşigiň jemi jemlener. Halkara olimpiadanyň ýeňijilerine mynasyp bolan orunlaryna görä, 20-nji maýda diplomlar gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň