Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Federasiýasy Türkmenistandan ýörite uçar gatnawyny guraýar

00:0917.03.2022
0
29891

2022-nji ýylyň 18-nji martynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýene bir ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ilçihananyň Telegram sahypasynda habar berilýär. Ýörite uçar gatnawy «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.

Uçuş Aşgabat wagty bilen sagat 06:00-da ýerine ýetiriler.

Nobatdaky uçar gatnawy üçin awiapetekleriň satuwy 17-nji martda sagat 09:00-dan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlardaky bölümlerinde amala aşyrylar.

  • Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesiniň 211-nji jaýy (+99312 39-17-01)
  • Mary şäheri, Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýy (8 00522 3-27-77)
  • Türkmenabat şäheri, Magtymguly köçesiniň 80-nji jaýy (+993422 3-92-10)
  • Daşoguz şäheri, Ruhnama köçesiniň 100-nji jaýy (+993322 9-00-58 / 9-12-21/9-20-20)
  • Türkmenbaşy şäheri, Azady köçesiniň 2-nji jaýy (+993243 5-00-52)

Egerde ýörite uçar gatnawy bilen Moskwa uçmakçy bolýan ýolagçylaryň soňky duralgasy Moskwa şäheri bolmadyk ýagdaýynda, onda olar «S7» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasyndan özlerine gerekli gatnaw boýunça awipetekleri satyn alyp bilerler. Habarlaşmak üçin şu aşakda görýän salgyňyza ýüz tutup bilersiňiz:

Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolynyň 174-nji jaýy. Telefon belgileri: +993 12 21-05-93 +993 64 03-37-03).

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guraýan nobatdaky ýörite uçuşy 40-njy, şu ýylyň mart aýynda bolsa amala aşyrýan üçünji ýörite uçuşydyr. Mundan ozal, ýörite uçar gatnawlaryny Russiýa Federasiýasynyň «Sibir» howa ýollary Türkmenabadyň halkara howa menzilinden alyp barýardy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Russiýa we beýleki ýurtlar bilen yzygiderli gatnawlarynyň dünýäde ýüze çykan güýçli koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtatdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň