Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewa türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny uzakmöhletleýin esasda ösdürmäge taýýardygyny nygtady

19:3715.03.2022
0
13481

Şu gün — 15-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen Lideri kärdeşi bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň jemleriniň yglan edilendigini, onda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň Serdar Berdimuhamedow bolandygyny belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini netijeli dowam etjekdigini aýtdy.

Dostlukly döwletiň ýolbaşçysy Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa täze syýasy işinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi we täze Prezidentiň häzirki taryhy eýýamyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, iki döwletiň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygy, şeýle hem bilelikdäki işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygy üçin Azerbaýjanyň Liderine minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kärdeşine berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi üçin Türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny gutlap, oňa döwletiň we halkyň bähbidine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan işleriň, şol sanda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny uzakmöhletleýin esasda ösdürmäge, Türkmenistanyň iki ýurduň doganlyk halkynyň bähbidine bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilen syýasatyny dowam etmäge doly taýýardygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar soňky ýyllarda ýola goýlan gatnaşyklaryň we bilelikdäki iş boýunça toplanan ägirt uly tejribäniň uzakmöhletleýin hem-de özara bähbitli esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdiriljekdigine ynam bildirdiler. Şunda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde pugta binýat bolup durýandygy nygtaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti birek-birege berk jan saglyk, bagt hem-de jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň