Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen «Zenan kalbynyň joşguny» atly sergi-bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralan bäsleşige dürli ýaşdaky zenan suratkeşler gatnaşdylar.
Milli nakgaşçylyk sungatynyň üsti bilen Watanymyzyň gülläp ösüşlerini, tebigat gözelliklerini wasp etmegi hem-de milli mirasymyzy, döwletlilik ýörelgelerimizi çeper beýan edýän kämil eserleri döretmegi, suratkeş zenanlaryň döredijilik hazynasyny has-da baýlaşdyrmagy maksat edinen sergi-bäsleşikde emin agzalary hödürlenen eserleriň gowudan-gowusyny saýladylar. Olaryň biragyzdan gelen netijesine görä, birinji orna erkin dörediji Tuwak Sähedowa, ikinji orna Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Akjagül Mämiýewa, erkin dörediji Raziýa Çeşmeliýewa, üçünji orna Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Şeker Nökergeldiýewa we Güljemal Myradowa mynasyp boldy.