Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler günbatar sebitiň saýlawçylary bilen duşuşdylar

22:3703.03.2022
0
5891

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde şeýle duşuşyklaryň ikisi geçirildi. Bu barada türkmen telewideniýesiniň "Watan" habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Ir bilen Balkan welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlenen dalaşgär — Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap geňeşiniň başlygy A.Nazarow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy G.Çendirowa söz berdi. Ol bu ýere ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony iş başarjaň, täze başlangyçlar bilen çykyş edýän ýolbaşçy, ussat guramaçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäre söz berildi. Ol saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, ýurdumyzda ägirt uly tebigy hem-de ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmek boýunça giň möçberli işleri dowam etdirjekdigini, döwletimiziň demokratik we hukuk esaslaryny berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny saklamak bilen baglanyşykly meselelere ähmiýet berjekdigini belledi. Hususan-da, durmuş üpjünçiligi boýunça özgertmeleri, ulag hem-de aragatnaşyk pudaklarynda, zawodlaryň, kärhanalaryň, önümçilik desgalarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşyklary işjeňleşdiriler, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar diýip, dalaşgär sözüniň üstüni ýetirdi.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň belleýşi ýaly, üçünji müňýyllykda ýurdumyzyň gülläp ösüşini mynasyp dowam etdirmekde oba hojalyk önümçiliginiň pudaklaýyn düzümlerini kämilleşdirmek, azyk önümleriniň mukdaryny artdyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny, maldarçylyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň we azyk önümçiliginiň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi möhüm talap bolup durýar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylyp, ilatyň sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin giň şertleriň döredilmegine aýratyn üns berler. Dalaşgär durmuş ugurly meseleleriň hatarynda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň, şäher we oba ilaty üçin ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda deň derejeli mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Gyzyklanma bildirilen söhbetdeşligiň dowamynda dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Şunda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şol sanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegine, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek we ýaş nesillere döwrüň ruhuna laýyk derejede terbiýe bermek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşykda çykyş edenler dalaşgäre arzuw-islegleri barada aýtdylar.

Şeýle hem şu ýerde günüň ikinji ýarymynda Daşoguz welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy Demokratik partiýanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy T.Gurbanow açdy. Soňra dalaşgäriň ynanylan wekili — Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap birleşmesiniň başlygy A.Amangeldiýew bu ýere ýygnananlary M.Ödeşowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de ony ilat arasynda uly abraýa eýe bolan, ak ýürekli adam, sowatly ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra dalaşgär çykyş edip, iň ýokary döwlet wezipesine hödürlenendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Ol ýurduň ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini, halkyň bähbidini esasy ugur edinýän syýasaty dowam etdirjekdigini nygtady. M.Ödeşow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, halkymyzyň abadançylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ylym hem-de bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary Watana we halkymyza bolan söýgi ruhunda terbiýelemek meselelerine möhüm üns berjekdigini belledi.

Dalaşgär halkara gatnaşyklar barada aýdyp, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk we döwletimiziň ýokary halkara abraýa eýe bolmagyny şertlendiren Bitaraplyk syýasatyny mundan beýläk-de dowam etdirjekdigini aýtdy.

M.Ödeşow ýurdumyzyň sazlaşykly hem-de okgunly ykdysady ösüşiniň bähbidine häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda senagat we ulag düzümlerini kämilleşdirmek boýunça milli maksatnamalaryň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär beýleki pudaklaryň geljekki ösüşleri barada aýdyp, türkmen gazynyň köpugurly esasda eksport edilmegine, senagat pudagynyň, kommunikasiýa ulgamynyň, durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna möhüm ugur hökmünde ähmiýet berjekdigini nygtady.

Ol obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeler barada aýdyp, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin meýilleşdirilýän çäreler barada gürrüň berdi. Hususan-da, bu pudakda önümçilik-ykdysady gatnaşyklaryň täze görnüşleri dörediler. Bu bolsa oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin amatly ykdysady şertleri döretmäge mümkinçilik berer hem-de döwletiň we daýhanlaryň arasyndaky oňyn ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirer.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşi ylym, aýratyn-da, gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň tohumçylygy bilen meşgullanýan ylmy-barlag institutlarynyň işi bilen berk baglanyşyklydyr.

Duşuşygyň ahyrynda M.Ödeşow saýlawçylary milli demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmek, medeni mirasy gorap saklamak, ruhy gymmatlyklara esaslanyp, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi, jemgyýetimiziň bitewüligini berkitmek boýunça işleriň doly ýerine ýetirilmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň