Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli» internet dükany Halkara zenanlar güni mynasybetli arzanladyş yglan etdi

16:5403.03.2022
0
5154

Her baýramçylyk senelerinde, şol sanda Halkara zenanlar gününiň ýetip gelmegi mynasybetli hem «Gerekli» internet söwda platformasy alyjylar köpçüligi üçin aksiýalary we arzanladyşlary yglan edýär.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilýän arzanladyş çäresi 4 — 8-nji mart aralygynda dowam eder. Bu günlerde «Gerekli» internet dükanyndan ýüzler, saçlar we beden üçin kosmetik serişdeleri, saglyk we gözellik üçin ýörite enjamlary, şeýle hem bäsdeşlik nyrhlaryndan dürli görnüşli «akylly» sagatlary, fitnes bileziklerini, bluetooth ulgamy bilen baglanýan nauşnikler ýaly elektronika enjamlaryny satyn alyp bilersiňiz.

Baýramçylygyň ýakynlaýan günlerinde «Gerekli» onlaýn dükanynda şokolad önümleri we güller 50 % arzan bahadan satylýar. Bu dükandan edilen söwda üçin tölegleri nagt we nagt däl görnüşde hem-de bank kartlary arkaly töläp bolýar. Sargyt edilen harytlar bir gije-gündiziň dowamynda degişli salga eltilip berler. 100 manatdan köp edilen söwda üçin bolsa eltip berme hyzmaty tölegsizdir.

Ýurduň sebitlerinden edilen sargytlar bolsa 48 sagadyň dowamynda eltilip, 1500 manatlyk söwda üçin tölegsiz, ondan az mukdarda edilen söwda üçin bolsa 50 manat töleg tölenýär.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň