Soňky habarlar

Arhiw

Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary üçin ýörite uçastok döredildi

15:4202.03.2022
0
9182

Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynda ýurduň Prezidentiniň saýlawlary üçin saýlaw uçastogy döredildi. Bu barada diplomatik edaranyň resmi web saýty habar berýär.

«Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy Russiýa Federasiýasynyň çäginde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryny Türkmenistanyň Prezidentini saýlamak üçin geçiriljek ses berişlige gatnaşmaga çagyrýar. Ses berlişige 2022-nji ýylyň 2-nji martyndan 12-nji martyna çenli sagat 07:00-dan 19:00-a çenli gatnaşyp bolar. Raýatyň ýanynda pasporty bolmalydyr» diýlip saýtda habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlawlaryň geçirilýän günlerinde dünýäniň 30 döwletinde saýlaw uçastoklarynyň döredilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň