Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda azyk we hojalyk önümleriniň internet dükany açyldy

11:5402.03.2022
0
8133

«Sebet» atly täze onlaýn dükan taslamasynyň awtory Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Alym Joraýewdir.

Indi Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary öýlerinden çykman, azyk we hojalyk harytlaryny sanly ulgamyň üsti bilen «Sebet» onlaýn marketinden satyn alyp bilerler.

«Sebet» onlaýn marketinde ilat tarapyndan gündelik isleg bildirilýän azyk önümleriniň dürli görnüşi: süýt we et önümleri, ýarma, unaş önümleri, konserwirlenen iýmit önümleri, konditer önümleri, çörek önümler, gök önümler, miweler, alkogolsyz içgiler bar.

«Sebet» onlaýn marketinde köp harytlar ýerli öndürijiler, GDA ýurtlary we dünýä markalary tarapyndan hödürlenýär. Bu internet dükandaky önümler haryt nyşanly paketlere gaplanandyr.

«Sebet» onlaýn marketi häzirki wagtda iýmit önümlerini, hojalyk harytlaryny amatly bahadan halka hödürleýär. Onlaýn marketiň ykjam goşundysyny telefona, planşete ýa-da kompýutere ýükläp, müşderiler öz sargytlaryny amala aşyryp bilerler.

«Sebet» ykjam goşundysyna sargyt goýlandan soň, sargytyň düzümini, bahasyny we gowşurylyş wagtyny anyklamak üçin menejer (dolandyryjy) size ýüz tutar.

Internet dükanlar – bütin dünýäde meşhur hyzmatdyr. Bu hyzmat başga zatlara sarp edip boljak wagty tygşytlamak bilen, dürli harytlar üçin söwda etmäge mümkinçilik berýär.

Telekeçi geljekde hem onlaýn marketiň işini has kämilleşdirip, tehniki harytlary, tekstil önümlerini, elektronika serişdelerini, umuman, halkyň isleg bildirýän harytlaryny sanly ulgamyň üsti bilen hödürlemegi, eltip bermek hyzmatyny bolsa welaýatyň ähli çäginde amala aşyrmagy maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň