Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin möhletinden öň ses berlişik başlady

11:2802.03.2022
0
10075

2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlaryna möhletinden öň ses berlişik şu gün, 2-nji martda Tatarystan Respublikasynyň çäginde ýerleşýän saýlaw uçastogynda badalga aldy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullugynyň resmi web saýtynda habar berilýär. Saýlaw uçastogy Kazan şäheriniň Sibirskiý köçesiniň 6-njy jaýynda ýerleşýär.

Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan hem-de Russiýanyň şu sebitlerinde: Tatarystan, Başgyrdystan, Mariý El, Mordowiýa, Udmurt, Çuwaş Respublikalarynda, Perm ülkesinde, Kirow, Nižegorod, Orenburg, Penza, Samara, Saratow we Ulýanow oblastlarynda ýerleşýän raýatlary 2022-nji ýylyň 12-nji martynda sagat 07:00-19:00 (Moskwa wagty bilen) aralygynda ses berip bilerler.

«Ses berýänler saýlaw uçastogyna gelen mahallary şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny (Türkmenistanyň raýatyň içerki we biometrik maglumatly pasporty) görkezmelidirler. Her bir saýlawçynyň özi ses berýär, başga adamlaryň ýerine ses berilmegine ýol berilmeýär» diýip, habarda bellenilýär.

Saýlaw güni – 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Kazan şäherinde bolup bilmejek saýlawçylar ýokarda agzalan saýlaw uçastogynda öňünden 2022-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap sagat 07:00-19:00 (Moskwa wagty bilen) aralygynda ses berip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň