Birleşen Arap Emirliklerinde akula balyklaryny tutmagy dört aýlyk gadagan edýän düzgün girizildi.
Russianemirates.com saýtynyň Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ministrligine salgylanyp habar bermegine görä, 2022-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli möhlet üçin girizilen bu düzgün degişli möwsümde güýjüni saklamak bilen deňiz gorlarynyň dikeldilmegine mümkinçilik döreder.
Mundan başga-da, BAE-de bütin ýylyň dowamynda syýahatçylyk gämilerinden we ýahtalaryndan akulalary tutmak gadagan edilendir. Bu çäklendirmeler BAE-niň tebigy resurslaryny gorap saklamak we deňiz baýlyklaryny artdyrmak bilen bagly strategik maksatlaryna laýyklykda alnyp barylýar.
BAE-de şeýle hem akula ýüzgüçlerini getirmek we gaýtadan eksport etmek ýaly işler hem gadagan edilip, olar diňe ylmy maksatlar üçin ulanylyp bilinýär.