Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň küşt federasiýasyna täze ýolbaşçylar saýlanyldy

20:1327.02.2022
0
7359

Şenbe güni Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onuň dowamynda Wepa Mälikgulyýew federasiýasynyň başlygy wezipesine bellenildi. Ol bu wezipede ozal işlän Myratdurdy Haşaýewi çalyşdy.

Şeýle hem guramanyň baş kätibi wezipesine FIDE-niň ussady Mergen Kakakbaýew saýlanyldy.

Küşt federasiýasynyň täze ýolbaşçysy öz çykyşynda geljekde ösüşiň esasy üç ugruna üns berjekdigini aýtdy. Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň halkara ýaryşlarda gazanýan netijelerini gowulandyrmak, milli ýaryşlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we milli hem-de halkara ýaryşlara ozalkysyndan has köp küştçiniň gatnaşmagyny üpjün etmek esasy maksatlaryň arasynda görkezildi. Şeýle hem çagalaryň arasynda küşte bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça çäreleriň uly tapgyry kesgitlenildi.

Türkmenistanyň küşt federasiýasy Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) 1992-nji ýyldan bäri agzasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň