Soňky habarlar

Arhiw

«Bossan Concept» eýwanlar we howlular üçin ajaýyp bezegleri hödürleýär

14:3927.02.2022
0
4989

Öýleriň eýwanlaryny ýa-da ýer jaýlarynyň howlularyny özüne kybap mebellerdir dürli bezegler bilen dynç alyş üçin iň amatly ýere öwrüp bolýar. Öýüň bu böleginde oturyp dynç almak, göwnejaý rahatlygy döretmek hemmämize ýakymly bolsa gerek.

«Bossan Concept» dükany eýwandyr howlularyňyzda bu göwnejaýlygy döretmäge we ony döwrebap stilde bezemäge ýardam berýär.

Eýwandan dynç alyş otagyny döretmek üçin kreslolar we stollar, asylýan sallançaklar, şeýle-de, onuň güller bilen bezelmegi hökmanydyr. Şeýle ümsüm hem oňaýly şertde çaý içmek, kitap okamak ýa-da el işleri bilen meşgullanmak juda ýakymly bolar. Bu bezegleriň üstüni bolsa güldanlar, bra we lýustra görnüşli çyralar bilen ýetirip bilersiňiz.

«Bossan Concept» dükanynyň dizaýnerleri gerek bolan bezegleri saýlap almaga hem-de sargyt esasynda olary islegiňize görä ýerleşdirmäge kömek edýär.

Habarlaşmak üçin salgylar:

  • Instagram hasaplary: @bossan_concept @bossan_flora @bossan_outdoor_tm @bossan_coffee_garden;
  • Telefon belgileri: 415554, 726060;
  • Salgysy: Mollanepes köçesiniň 27-nji jaýy, «Dürdäneli» söwda merkezi (15-nji tapgyr).
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň