Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Milli Bahar baýramy mynasybetli medeni çäreler geçiriler

22:2625.02.2022
0
4929

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer M.Mämmedowa mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýeriň hasabatynda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Halkara zenanlar gününiň, Milli bahar baýramynyň hormatyna dürli medeni çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Milli bahar baýramy mynasybetli esasy çäreleri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Nowruz ýaýlasynda» hem-de welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de türkmenistanlylary, aýratyn hem ýaşlary ruhy we estetiki taýdan terbiýelemekde ajaýyp bahar baýramlarynyň ähmiýetini belläp, bu baýramçylyklara bagyşlanyp geçiriljek çärelerde mähriban halkymyzyň ajaýyp däpleriniň, agzybirliginiň we döredijilik güýç-kuwwatynyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň