Soňky habarlar

Arhiw

Azmun «Baýeriň» umumy türgenleşiklerine goşuldy

21:1922.02.2022
0
5178

Eýranly türkmen, hüjümçi Serdar Azmun Bundesliganyň 24-nji tapgyrynda boljak duşuşykdan ozal umumy türgenleşiklere goşuldy. Ol bu barada «Instagramdaky» resmi hasabyndan:

«Back with the ball!» (Pökgi bilen meýdana)» diýip ýazdy.

Mälim bolşy ýaly, Azmun 4-nji fewralda nemes toparynyň türgenleşik ýerine geldi, ýöne saglyk bilen bagly ýagdaýlar sebäpli heniz «Baýeriň» düzüminde ýekeje duşuşyga hem gatnaşmady. «Zenidiň» ozalky hüjümçisi täze toparynda 9-luk belgide çykyş eder.

«Baýer» ligada indiki duşuşygyny 26-njy fewralda «Arminiýa» bilen geçirer. Lewerkuzen şäherinde geçiriljek bu duşuşyk «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda alnyp görkeziler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 19:25-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň