«Sumbar Computer» dükany kompýuter oturgyçlarynyň we oýun dolandyryjy enjamlarynyň giň toplumyny hödürleýär

15:4921.02.2022
0
7808

Kompýuter we periferiýa enjamlary dükany bolan «Sumbar Computer» öz müşderilerine kompýuter oýunlarynyň muşdaklary üçin niýetlenilen önümleriň dürli görnüşleri: – ýörite oturgyçlar we oýun dolandyryjy enjamlar, ýagny oýun kontrollerleri (контроллер – hereketi sazlaýjy enjam, oýun kontrolleri – oýun hereketini sazlaýjy enjam) bilen tanyşmagy teklip edýär.

Daş görnüşi deriden ýa-da ýokary tehnologiýaly sintetik matadan ýasalan, bil we boýun üçin niýetlenilen ýassyklar bilen üpjün edilen, öz rahadyňa görä sazlap bolýan ofis oturgyçlary kompýuterde uzak wagtlap işlemek üçin örän amatlydyr. Bu ofis oturgyçlary 120 kilogramdan 200 kilograma çenli agrama çydap bilýänligi (modeline baglylykda), häzirki zaman dizaýny we berkligi bilen tapawutlanýar.

Şeýle hem, «Sumbar Computer» dükany «Logitech», «Razer» we beýleki önüm öndürijilerden kompýuter oýunlary üçin niýetlenilen geým (гейм – tennis oýny ýaly oýunlardaky döwüň bölümi, belli mukdardaky utuklaryň sany) we oýun dolandyryjy enjamlary bilen tanyşmagy teklip edýär. Önüm köpdürlüligi bilen tapawutlanýan bu harytlaryň ergonomika (эргономика – häzirki zaman önümçiligi şertlerinde adamy onuň işini öwrenýän bilim pudagy) dizaýny we ýokary gurluş hili bolup, olar PK, «PlayStation», «Android» hem-de «iOS». ulgamlary üçin ulanylyp bilner.

Kompýuter oturgyçlarynyň we oýun dolandyryjy enjamlarynyň iň amatly görnüşlerini Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow (Hudaýberdiýew) şaýolunyň 99-njy jaýyna – «Sumbar Computer» dükanyna baryp ýa-da «sumbar-сomputer.сom» web sahypasyna girip, saýlap bilersiňiz. Mundan başga hem, «Sumbar Computer» dükany sargytlar boýunça satyn alnan harytlary paýtagtymyz Aşgabadyň çägine bir günüň dowamynda eltip berme hyzmaty arkaly, ýurdumyzyň welaýatlarynyň islendik sebitine bolsa bir hepdäniň dowamynda poçtanyň üsti bilen iberýär.

«Sumbar Computer» dükanyndan 300 manatlyk ýa-da ondan hem köp mukdarda haryt sargyt eden paýtagtly müşderiler üçin eltip berme hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär.

Şeýle-de, okaň:

Şeýle-de, wideony görüň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň