Soňky habarlar

Arhiw

«Sumbar Computer» dükanynyň hünärmenleri uzak aralykdan daşy gaty diskleri saýlamak barada maslahat berdiler

09:3418.12.2021
0
5686

Özüňiz üçin amatly maglumat saklaýjy enjamy saýlamaklyk üçin, ilki bilen şol enjamyň haýsy maglumatlary saklamaga niýetlenilendigini we onuň maglumat saklaýjylyk göwrümini kesgitlemeklik zerurdyr. Tekst faýllary, kiçi göwrümli wideorolikleri, suratlary saklamaklyk üçin «fleşka» diýen adaty maglumat saklaýjy enjamy ulanmaklyk amatlydyr. Has ulurak we çylşyrymly maglumatlary saklamaklyk üçin bolsa daşy gaty diskler ulanylýar. «Sumbar Computer» dükanynyň hünärmenleri daşy gaty diskleri saýlamaklyk babatda şu aşakdaky maglumatlary berdiler.

Daşy gaty diskleriň iki görnüşi bar: SSD we HDD.

HDD – daşy gaty diskleriň giňden ýaýran görnüşi (Hard Disk Drive – maglumat saklaýjy gaty disk). HDD disklerindäki maglumatlar bu diskiň ferromagnit önüminden ýasalan böleginde saklanylýar. HDD diskleri örän köp mukdarda maglumat saklaýjy ýady bilen tapawutlanýar. Bu diskleriň 24 terabaýt maglumat saklaýjy ýady bar. Hut şu nukdaýnazardan-da, HDD diski – ýygy-ýygydan täzelenýän maglumatlary örän köp mukdarda saklamaklyk üçin amatlydyr.

HDD diskleriniň esasy kemçiligi – berk dälligidir (döwlegenligidir). Bu diskler iş wagtynda duýdansyz ýüze çykan sarsgynlara çydamsyzdyr we bu ýagdaýyň netijesinde örän çalt we aňsatlyk bilen döwlüp bilýär. Mundan başga-da, HDD diskleriniň SDD diskleri bilen deňeşdireniňde maglumat okaýyş tizligi örän pesdir.

SSD (Solid State Disk – gaty berk disk) – ululygy we ýat güýji bilen tapawutlanýan maglumat saklaýjy enjamlaryň bir görnüşidir. SSD diskindäki maglumatlar bu diskiň mikroshema bölegindäki maglumat saklaýjy ýadynda saklanylýar. SSD diski daşky täsirlere we sarsgynlara gaty çydamlydyr. SSD – seýrek üýtgeýän maglumatlary (suratlar, çeper filmler, aýdym-sazlar we dürli maglumatlar) saklamaklyk üçin niýetlenilen örän täsin enjamdyr. Ýöne, bu enjama maglumatlary ýygy-ýygydan gaýtadan göçürip alyp durmaklyk, onuň (SSD-niň) örän çalt sandan çykmagyna (näsaz işlemegine) getirer. SSD enjamynyň maglumat okaýyş tizligi adaty gaty diskiňkiden birnäçe esse çaltdyr.

Kompýuter enjamlarynyň düzüm bölegi üçin gaty disk saýlanyňyzda, diskiň dýuým ölçegi, görnüş ýagdaýy (форм-фактор – görnüş ýagdaýy) ýaly parametrleri hem göz öňünde tutmalysyňyz. Çünki, bu parametrler gaty diskiň haýsy kompýuter enjamynyň düzüm bölegi üçin niýetlenilendigini, ony nähili kompýuter enjamynda ulanyp boljakdygyny kesgitleýär. Şeýlelikde, gaty diskiň 2,5 görnüşli ýagdaýy (форм-фактор – görnüş ýagdaýy) noutbuklar üçin, 3.5 görnüşli ýagdaýy (форм-фактор – görnüş ýagdaýy) bolsa stasionar kompýuterler üçin amatlydyr.

Maglumat saklaýjy gaty disk saýlanyňyzda bu parametrler ähmiýetsiz bolup galýar, sebäbi maglumat saklaýjy gaty disk henizem USB birleşdirijisi ýa-da täze Type-C birleşdirijisi arkaly noutbuga ýa-da planşete birikdirilýär.

Kompýuter we periferiýa enjamlary dükany bolan «Sumbar Computer» daşy gaty diskleriň dürli görnüşlerini hödürleýär. Bu dükandan «Seagate», «Toshiba», «WD», «Transcend» we beýleki öndürijileriň 500 GB-den 5 TB-e çenli bolan gaty disk önümlerini tapyp bilersiňiz.

«Sumbar Computer» dükanynyň söwda tekjelerinde daşy gaty diskleri, fleşkalary we SD ýat kartlaryny saklamaklyk üçin niýetlenilen daşlyklar hem bar.

«Sumbar Computer» dükanynyň önümlerini sumbar-computer.com web sahypasyndan hem sargyt edip bolýar we müşderiler tarapyndan satyn alnan harytlar üçin ýurdumyzyň islendik sebitine poçta arkaly öýme-öý eltip berme hyzmaty amala aşyrylýar..

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň