Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ahal we Mary welaýatlaryndan Prezidentlige dalaşgärler hödürlenildi

22:5219.02.2022
0
13564

Şu gün 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Prezident saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde Ahal we Mary welaýatlarynda raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Olaryň dowamynda ýokary döwlet wezipesine iň mynasyp adamlar dalaşgärlige hödürlenildi. Bu barada TDH habar berýär.

Ahal welaýatynda geçirilen ýygnaga gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzyň ýokary döwlet wezipesine Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewi dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky teklibe garadylar.

M.Öwezgeldiýew 2007-nji ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, Ahal welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda intern-lukmany wezipesinde işe başlady hem-de 2008-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli welaýatyň etraplarynda bu düzümiň dürli ýolbaşçy wezipelerinde işledi. 2018-nji ýylyň fewral aýyndan bäri bolsa Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işleýär.

M.Öwezgeldiýewiň ýolbaşçy wezipede guramaçylyk ukybyny, onuň ýokary hünär we şahsy häsiýetini nazara alyp, ýygnaga gatnaşyjylar ony ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek hakyndaky çözgüdi biragyzdan kabul etdiler.

Maksatmyrat Öwezgeldiýew öz gezeginde bu ýere ýygnananlara hoşallyk bildirip, jogapkärçilige doly düşünýändigine we bildirilen ynamy ödemek ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Mary welaýatynda geçirilen ýygnagyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlemek hakyndaky teklibe garadylar.

Bu mesele boýunça pikir alyşmalaryň barşynda ýygnaga gatnaşyjylar dalaşgäriň terjimehaly we zähmet ýoly bilen tanyşdylar.

1999-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny tamamlap, K.Saryýew inžener-mehanik hünärini ele aldy hem-de “Maryazot” önümçilik birleşiginde zähmet ýoluna başlady. 2001-nji ýylda harby gullugy tamamlanandan soňra, Mary welaýatynyň maşyngurluşyk zawodynda inžener-tehnolog, inžener-metalist wezipelerinde hem-de 2002-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap, ýurdumyzyň Döwlet energetika institutynda dürli wezipelerde işledi.

Çykyş edenler dalaşgäriň ýokary guramaçylyk başlangyçlaryny we hünär derejesini, işde toplan baý tejribesini, nusgalyk maşgalabaşy hökmünde mynasyp şahsy häsiýetlerini aýratyn bellediler.

Ýygnaga gatnaşyjylar Kakageldi Saryýewiň energetika ylmyny ösdürmäge goşan uly goşandyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek saýlawlarynda onuň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere hödürlenilmegini goldadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň