Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly Pyragy seýilgähiniň durky täzelenýär

20:0519.02.2022
1
11451

Aşgabadyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjegindäki Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töweregini abadanlaşdyrmak işlerini «Dost gurluşyk, söwda önümçilik» hojalyk jemgyýeti alyp barýar.

Gurluşykçylar eýýäm seýilgähi abadanlaşdyrmak işine başladylar. Binagärleriň we taslamaçylaryň taýýarlan taslamasyna görä, seýilgäh zolagy ep-esli giňeldildi. Seýilgähiň köp böleginde öňden bar bolan ýaşyl ýaýlalara goşmaça pürli we ýaprakly agaçlaryň onlarça görnüşi oturdylar, gök öwsüp duran çemenlikler we gülçanaklar ýasalar, bagýodalar täzeden çekilip, daş düşeler we uzaldylar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berlişi ýaly, meýdanlary 584 we 382 inedördül metr bolan çal granit bilen örtülen iki özboluşly çüwdürim seýilgähiň merkezi böleginiň bezegi bolar, iki açyk suw howdanyny we emeli derýanyň hanasyny suwdan doldurýan emeli şarlawuk hem bolar. Onuň kenarlaryny täze pyýada we awtoulag köprüleri bilen birikdirmek meýilleşdirilýär. Suwaryş ulgamy düýbünden täzelener, bu iş damjalaýyn we ýagyş kysmy suwaryş ulgamlarynyň kömegi bilen amala aşyrylar. Suw toplumynyň umumy sygymy 1870 kub metr bolan üç howdan – agyz suwuny, ekin suwuny we ýangyn suwuny özünde saklajak howdanlar gurulýar.

Gurluşykçylar bu ýerde kiçi binagärlik desgalaryny (duralgalary, oturgyçlary, zibil gutularyny) täzelärler, pyýada ýollaryna granit düşärler. Seýilgäh zolagynyň çäginde 400-den gowrak yşyklandyryş enjamy oturdylar.
Seýilgähi abadanlaşdyrmak işlerini şu ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň