Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitaby çapdan çykdy

21:4718.02.2022
0
11657
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitaby çapdan çykdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňeldilen mejlisini geçirdi. Mejlis tamamlanandan soňra türkmen Liderine «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezident özüniň ýene-de bir kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby «Abadançylygyň röwşen gadamlary» diýlip atlandyrylýar. Bu kitap türkmen Lideriniň halk köpçüliginiň öňünde eden çykyşlarynyň ýygyndysydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti täze kitabynyň peýdaly we gyzykly gollanma boljakdygyny nygtap, şeýle belledi:

– Kitapda ýurdumyzy ösdürmegiň dürli ugurlary: daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar boýunça meniň pikirlerim jemlenendir. Aýratyn hem döwletimizi geljekde ösdürmek boýunça köp teklipler hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň