Turkmenportal logo
18.02.22
1074110741
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy
Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Mejlisiň kararynda laýyklykda, türkmen Lideri bu nyşana Türkmenistanyň dünýädäki halkara abraýyny has-da belende götermekde goşan uly şahsy goşandy, ýurduň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet işinde bitiren hyzmatlary, şeýle-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli mynasyp boldy.