ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugynyň (USAID) Türkmenistandaky bölümi Merkezi Aziýada ýaňy-ýakynda başlanan sebit söwda maksatnamasy boýunça teklipleri taýýarlaýar diýip, Trend habar berýär.
Söwda pudagyndaky bu başlangyçlara ýakyn wagtda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan garalar.
USAID 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda başlanan Merkezi Aziýa söwda maksatnamasynyň söwda gatnaşyklaryny gowulandyrmaga we sebitde ykdysady mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilendigini aýtdy.
Şeýle hem USAID-iň Merkezi Aziýadaky zenan telekeçilere we kärhanalara aýratyn goldaw berjekdigi habar berildi.