Geljekde eziz Diýarymyzda her bir maşgalanyň aýratyn öýi ýa-da jaýy bolar. Bu barada Prezident, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde nygtady.
Döwlet Baştutany döwletimiziň ýokary hilli ýaşaýyş jaýlarynyň halkymyza elýeterli bolmagy üçin ähli tagallalary etjekdigini aýratyn üns çekdi. Millrtiň Lideri mundan başga-da, sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşa has giňden ornaşdyryljakdygyny belledi.
«Döwrüň talabyna görä, biz halkymyz üçin «akylly» jaýlary we şäherleri gurmagy dowam ederis. Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde we «Aşgabat-sitide» gurlan ilkinji şeýle jaýlary biz öňi bilen öz raýatlarymyza bereris. Şeýlelikde, geljekde her bir maşgalanyň aýratyn öýi ýa-da jaýy bolar» diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.