Aşgabadyň merkezi köçelerinde ýaşaýyş jaýlarynyň durky täzelener

22:1810.02.2022
0
11081

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow milletiň Liderini Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň we Kemine köçesiniň ugrunda ýaşaýyş jaýlarynyň bölekleýin döwrebap täzelenilmeginiň teklip edilýän baş meýilnamasy bilen tanyşdyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar we ugurdaş çyzgylar bilen tanşyp, şolar durmuşa geçirilende, ýokary hilli gurluşyk we bezeg serişdeleriniň ulanylmagynyň, şol serişdeleriň milli binagärlik aýratynlyklaryna laýyklykda peýdalanylmagynyň möhümdigini tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri şu işler ýerine ýetirilende, şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm ugur bolup durýandygyny nygtady. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi we bu babatda wise-premýere hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň