Soňky habarlar

Arhiw

Jeki Çan Olimpiýa oýunlarynyň alawuny götermäge gatnaşdy

13:0604.02.2022
0
8249

Meşhur hytaý aktýory Jeki Çan Pekin şäherinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawyny göterip, beýik Hytaý diwarynyň bir bölegini geçdi. Bu barada Beijing Daily web saýtynda habar berilýär.
68 ýaşly meşhur aktýor Olimpiýa oýunlarynyň alawyny göteren 30-njy adam boldy.

Jeki Çan Olimpiýa oýunlarynyň alawuny ikinji gezek götermegiň özi üçin uly mertebedigini belläp geçdi. Ol 2008-nji ýylda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň hem alawuny göteripdi.

Belläp geçsek, Pekin şäherinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawuny götermek ýörişine 1200-den gowrak adam gatnaşýar. Olaryň arasynda jemgyýetçiligiň dürli gatlagyndan bolan adamlar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň