Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ösümlik ýagyny öndürýän karhanalara ýerlenilýän pagta çigidiniň bahasyny tassyklady

23:0003.02.2022
0
6872

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň arasyndaky maliýe-ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda öndürilýän we ministrligiň ösümlik ýagyny öndürýän kärhanalaryna ýerlenilýän pagta çigidiniň 1 (bir) tonnasynyň bahasy 1000 manat möçberinde bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär. Habarda bellenilişi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama şu gün sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda gol çekdi.

Döwlet Baştutany sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer E.Orazgeldiýewiň ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňläp, Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi.

Türkmen Lideri iş maslahatynyň dowamynda ýer eýelerine goldaw bermek we oba hojalygyny ösdürmek boýunça mundan beýläk-de maksatnamalaýyn işleriň amala aşyryljakdygyny belledi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň