Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty we Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi okuwa çagyrýar

10:5531.01.2022
0
4805

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty okamaga isleg bildiren orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda 2022-2023-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul edýändigini habar berýär.

Harby-deňiz institutynyň kabul ediş topary dalaşgärleriň ýaş derejeleriniň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanýandygyny, şeýle-de institutda okamaga isleg bildirýän dalaşgärlerden orta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çäklerinde, döwlet dilinde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertlerde kabul edilýändigini habar berýär.

Habarda dalaşgärleriň ýazgyda duran ýerleri boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna 2022-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmalydygyny, dalaşgärleriň resminamalarynyň ýerli etrap we şäher wekilliklerinde kabul edilýändigini, dalaşgärleriň okuwa girmegiň tertibi boýunça giňişleýin maglumat almak üçin etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilliklerine ýüz tutmalydygy habar berilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi okamaga isleg bildiren, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlan, 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça 2022-2023-nji okuw ýylynda okuwa kabul edýändigini habar berýär.

Kabul ediş topary Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlary hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant ýazmak boýunça kabul edilýändigini, şeýle-de giriş synaglarynyň türkmen dilinde geçirilýändigini habar berýär.

Mundan başga-da bildirişde dalaşgärleriň ýazgyda duran ýerleri boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna 2022-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmalydygy, dalaşgärleriň resminamalarynyň ýerli etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýändigi, okuwa girmegiň tertibi boýunça giňişleýin maglumat almak üçin etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilliklerine ýüz tutmalydyklary habar berilýär.

Bildirişler şu gün — 31-nji ýanwarda «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň