Meşhur egin-eşik brendleriniň yglan eden utuşly aksiýasy jemlendi

21:1330.01.2022
0
61239

«Turkmenportal» web saýtymyzda ozal habar berşimiz ýaly, şu gün — 30-njy ýanwarda «Altin Yildiz», «Ramsey»,»Colin’s», «Koton», «Koton Kids» we «Mavi» ýaly meşhur egin-eşik brendleriniň dükanlarynyň Türkmenistandaky resmi dileriniň yglan eden utuşly aksiýasynyň jemleýji dabarasy geçirildi. Onda bu dükanlardan söwda edip, aksiýa petegini alan raýatlaryň birnäçesi gymmat bahaly sowgatlara eýe boldular.

Baýrak gowşurylyş dabarasy aksiýa petegini alan raýatlaryň gatnaşmagynda, şeýle-de Instagram sosial ulgamyndaky @asman_exspress; @turkmenportal sahypalarynda göni ýaýlymda geçdi. Dabarada müşderiler tarapyndan alnan petekleriň belgisine laýyk gelýän 5000 sany belgi gutuda ýygşyrylyp, baýraklara görä nobatlaýyn çekildi. Çekilen petekleriň belgisiniň eýelerine bolsa degişli baýraklar gowşuryldy.

Gowşurylan baýraklaryň hatarynda 10 sany smartfon, 10 sany telewizor, 5 sany kir ýuwujy maşyn, 5 sany sowadyjy we başga-da birnäçe sowgatlar, aýratyn-da aksiýanyň iň uly baýragy bolan «Toyota Corolla» awtoulagy bar.

Utuşly aksiýanyň naýbaşy baýragy bolan, 2014-nji ýylda öndürilen»Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulaga bolsa «2692» lotereý belgi bilen aksiýa gatnaşan müşderi, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Gypjak ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy Mergen Hojamberdiýew mynasyp boldy.

Belläp geçsek, ýokarda ady agzalan egin-eşik dükanlary öz müşderileriniň doglan günleri üçin niýetlenilen hemişelik aksiýa çäresini hem dowam edýär. Bu aksiýa çäresinde her bir müşderi doglan gününde öz isleýän egin-eşiklerini «Koton», «Koton Kids», «Colin’s», «Altin Yildiz», «Ramsey» we «Mavi» haryt nyşanly egin-eşik dükanlaryndan 10 göterim arzan bahadan satyn alyp biler.

Müşderi hemişelik yglan edilen aksiýadan peýdalanyp, 10 göterim arzan bahadan egin-eşik satyn almak üçin, özüniň ýaş toýy güni, edil şol gün bolmasa-da doglan gününden bir gün öň ýa-da ertesi gün doglan senesini tassyklaýan resminamasynyň göçürmesini dükanlaryň satyjylaryna görkezip, aksiýadan peýdalanyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň