Şwesiýada guşlara zibil çöplemegi öwredýärler

15:2929.01.2022
0
4788

Şwesiýanyň Corvid Cleaning kompaniýasy gargalara köçelerden çilim galyndylaryny we ownuk zibilleri ýygnap, olary iýmite çalyşmagy öwredýär. Bu barada Belta ýazýar.

Munuň üçin guşlara zibilleri çöpläp, olary ýöriteleşdirilen awtomata ýerleşdirip, ol ýerden berilýän iýmiti almak öwredilýär. Ilkibada gargalar Sedertelýe şäheriniň köçelerini arassalamakda ulanylar, Stokgolmyň etegindäki bu şäheriň häkimligi köçeleri zibilden arassalamakda çykdajylary iň bolmanda 75 göterime çenli tygşytlamagy maksat edinýär. Eger taslama iş ýüzünde amala aşsa, ony ýurduň beýleki şäherlerinde hem ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň