Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tramp ÝUNESKO-dan çykmak barada karar kabul etdi

12:0923.07.2025
0
32886
Tramp ÝUNESKO-dan çykmak barada karar kabul etdi
Surat: Bloomberg

Prezident Donald Tramp ABŞ-ny Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan (ÝUNESKO) çykarmakçy. Bu barada Ak tamyň metbugat gullugynyň wekili Anna Kelli habar berdi.

«The New York Post» gazetiniň habaryna görä, Tramp fewralda ÝUNESKO-nyň syýasy ugruna üns bermek bilen, 90 günlük barlag geçirmek barada görkezme berdi. Prezidentiň edarasynyň wekilleriniň geçiren seljermeleri netijesinde, guramanyň köpdürlülik, deňlik we inklýuziwlik ulgamynda alyp barýan syýasatyna nägilelik ýüze çykdy diýip, gazet ýazýar.

Ak tamda şeýle-de häzirki edaranyň ýurduň halkara guramalarda agzalygyna ünsli garaýandygyny hem-de onuň milli bähbitlere laýyklygyna gözegçilik edýändigini nygtadylar diýip, «rg.ru» habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň