Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl dolýar

22:5227.01.2022
0
3105

27-nji ýanwarda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmelerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, rumyn tarapyna bolsa Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Danut Sebastian Nekulaesku ýolbaşçylyk etdi. Bu barada TDIM-niň resmi web saýtynda habar berilýär.

Sanly ulgam arkaly geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-rumyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Taraplar ýurtlaryň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklaryň we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp geçdiler.

Geňeşmeleriň dowamynda syýasy-diplomatik ulgamdaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. 2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda ýokary derejede we Daşary işler ministrleriň derejesinde gutlag hatlary alyşmak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada makalalary we interwýulary çap etmek, onlaýn leksiýalary okamak, tegelek stollary we maslahatlary geçirmek ýaly birnäçe çäreleriň guralmagy teklip edilýär.

Geňeşmäniň dowamynda söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri, şeýle-de Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek meselesi dogrusynda hem pikirler alyşyldy.

Türkmenistanyň bilen Rumyniýanyň arasyndaky söwda dolanşygyny artdyrmak we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşmalaryň ileri tutulýan ugurlary boldy.

Onlaýn görnüşde geçirilen geňeşmäniň ahyrynda taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi babatynda öz gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň