Türkmenistanyň Merkezi banky nebitgaz pudagyny ösdürmek üçin 234 million manatdan gowrak pul bölüp berdi

22:0626.01.2022
0
6664

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 26-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanyň garamagyna nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konsernine we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna maliýe goldawyny bermek bilen baglanyşykly resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Türkmen Liderimiz nebitgaz toplumynyň Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin möhümdigini göz öňünde tutup hem-de pudagy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konsernine jemi 159 million 530 müň 900 manat möçberinde we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna 75 million manat möçberde maýa goýum serişdesini bermek barada karara gelendigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow karz serişdeleriniň ykdysadyýetimizi kuwwatyny artdyrmak üçin gönükdirilmeginiň Garaşsyz döwletimiziň maliýe taýdan kuwwatlydygyny aýdyň görkezýändigini belledi we degişli resminamalara gol çekdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilýän çözgütleriň taryhy ähmiýetiniň bardygyny belläp, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan maliýe-karz serişdeleriniň gönükdirilýändigini nygtady we bu asylly çäräniň Türkmenistana bähbit getirjekdigine ynam bildirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň