Şu gün – 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda diplomatlar şu ýylyň 25-nji ýanwarynda geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» onlaýn-sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar ýokarda görkezilen forumyň barşynda döwlet Baştutanlary tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan anyk meselelere seredip geçdiler.