Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary teatr sahnasynda synag tabşyrdylar

10:3524.01.2022
0
5135

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary ýarym ýyllyk synaglar üçin, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda dünýä klassiklarynyň eserlerinden edebi parçalary taýýarladylar. Sahnada Anton Çehowyň, O.Genriniň, Žan Batist Molýeriň we Aleksandr Ostrowskiniň hekaýalaryndan gahrymanlarynyň keşpleri ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Teatr parçalary etýudlardan – aktýorlyk tehnikasynyň ösmegine goşant goşýan kiçijek sahnalardan düzüldi. Döredijilik okuw jaýynyň binasynda her gün ýaşlar teatr sungatynyň syrlaryna göz ýetirýärler, dürli keşpleri özlerinde synap görýärler, sahna hereketini, sözleýiş tehnikasyny özleşdirýärler, aktýory sahnada täsirli ýerleşdirmek ukyplaryny türgenleşdirýärler.

Tejribeli halypa, uly mugallym Maral Durdyýewa talyplaryna diňe bir nazary däl, eýsem amaly bilim hem berýär. Mugallym ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen, täze başlaýan režissýorlara öz ukyplaryny ýüze çykarmaga we iň gyzykly döredijilik pikirlerini sahna geçirmäge kömek edýär.

Merjen Gubaýewa tomaşaçylaryň ünsüni A.Ostrowskiniň «Tupan» pýesasyndaky Katerinanyň pajygaly ykbalyna çekmegi başarýar. Begenç Işangulyýewiň, Didar Meredowyň we Gülşat Tokaýewanyň ýerine ýetiren A.Çehowyň «Teklip» hekaýasynyň gahrymanlary tomaşaçyda duýgudaşlyk we merhemet duýgusyny döredýär. Talyplar Molýeriň «Zoraýakdan lukman» komediýasy we O.Genriniň gülkünç hekaýasynyň parçalarynyň hötdesinden gelýärler.

Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň dürli künjeginden gelen ýaşlar teatr klassikasyny öwrenýärler. Dünýä edebiýatyndan tekstleriň terjimesini özbaşdak tapýarlar, kämahal bolsa halan eserlerinden parçalary, geljekde hemişe wajyp boljak ýordumlary uly sahnada janlandyrmak üçin, türkmen diline özleri terjime edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň