Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda demir ýol wagonlaryny daşamak üçin «Ro-Ro» gämileri gurlar

23:5521.01.2022
0
8704

21-nji ýanwarda Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň başynda döwlet Baştutanynyň ýurduň daşary ýurtlar bilen ulag ulgamynda özara hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ähmiýet berýändigi bellenildi.

Agentligiň ýolbaşçysy hasabatynyň dowamynda Türkmenistanyň söwda flotunyň ulag serişdelerini daşamak we ýolagçy gatnatmak üçin döwrebap gämiler, şol sanda «RO-PAX» görnüşli ýük daşaýjy gämiler bilen üstüniň ýetirilýändigini aýtdy. Şol gämiler Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda söwda dolanyşygynyň akymyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanynyň tabşyrmagy boýunça «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dürli kysymly gämileri gurmak meýilleşdirilýär. Şol gämileriň hatarynda demir ýol wagonlaryny daşamak üçin iki sany «Ro-Ro» hem-de bir gury ýük daşaýjy gämi bar.

Dünýä tejribesinde «Ro-Ro» görnüşli gämileriň, esasan, açyk, ýarym açyk we ýapyk palubaly görnüşleriniň ulanylýandygy barada habar berildi. Ýükleme-düşürme işlerini ýeňilleşdirýändigi hem-de howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändigi nazara alnyp, bu gämileri açyk palubaly görnüşde gurmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa howply ýükleriň käbir görnüşlerini gäminiň diňe açyk palubasynda daşamak barada Halkara Deňiz Guramasynyň talaplaryna kybap gelýär. Şol bir wagtda gäminiň aşaky böleginde azyk, gurluşyk, oba hojalyk we beýleki önümler ýüklenen ýükli wagonlary daşamak bolar. Gury ýük daşaýjy gämileriň häsiýetnamalary barada aýdylyp, gäminiň ýük göterijiliginiň 5 müň 100 tonna barabardygy habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, gämileriň şekil taslamalary hem-de olaryň häsiýetnamalary döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine netijeli çemeleşýändigini görkezip, dürli ugurlarda, şol sanda ulag ulgamy ýaly ileri tutulýan ugurda möhüm düzümleýin taslamalary öňe sürýändigini belledi.

Türkmen Lideri «Ro-Ro» görnüşli demir ýol wagonlaryny daşaýjy ýük gämileriniň meýilleşdirilen gurluşygyna ünsi çekip, munuň uzak aralyga daşamak üçin ulaglaryň örän uly isleg bildirilýän görnüşidigini belledi. Bu bolsa üstaşyr daşamalara-da uly mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanyň gämi gurluşygyny ösdürmek üçin binýat bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda degişli işgärleri, operatorlary, işine ussat hünärmenleri taýýarlamakda mundan beýläk-de ähli tagallalary etmek barada görkezme berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň