Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balkanabadyň teatry ilkinji gezek “Asly Kerem” türkmen dessanyny sahnalaşdyrdy

12:3722.01.2022
0
6964

“Asly-Kerem” türkmen halk dessany Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny göterýän Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynda sahnalaşdyrylan täze sahna eseriniň esasyny düzdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” web saýtynda habar berilýär.

Dessanyň esasynda taýýarlanylýan sahna eseriniň sýužetini döretmekde Batyr Batyrow hem-de goýujy-režissýor Öwezmämmet Galandarow bilelikde işlediler. Dessan ilkinji gezek döwlet drama teatrynda sahnalaşdyryldy we oňa ähli aktýorlar topary gatnaşdy.

Öwezmämmet Galandarowyň gürrüň bermegine görä, dessanyň sahnalaşdyrylmagynda ondaky ähli aýdymlary “damana” ýolundan aýdýan Gurbangylyç Nurgylyjow ýerine ýetiripdir.

“Damana” ýoly özboluşly aýdym täri bolup, ol başlangyjynda pessaý aýdylyp, kem-kemden ýokarlanýar. Aýdymyň bu hili ýerine ýetirilişi barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda bellenilýär. Bu ýerine ýetiriliş täri aýdym-sazlaryň şahyrana many-mazmunynyň çuňňur açylmagyna ýardam edýär. “Damana” ýoly, esasan-da, Ahal we Balkan sebitlerinde uly meşhurlyga eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň