«Miweli ülke» HK-da sowadyjy ammarynyň gurluşygy uly depginler bilen dowam edýär

17:0620.01.2022
0
5689
«Miweli ülke» HK-da sowadyjy ammarynyň gurluşygy uly depginler bilen dowam edýär
Miweli ülke HK-nyň geljekki 10 000 tonnalyk ammary

Häzirki wagtda Türkmenistanyň hususyýetçileriniň sowadyjy desgalarynyň 12-sinde gök-bakja, miwe önümleriniň gorlaryny döretmek, ýurduň içerki bazarlaryny we dükanlaryny azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işler ýylboýy dowam edýär.

Olaryň biri-de «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň Mary şäherinde ýerleşýän gök-bakja we miwe önümlerini saklaýan 2 müň tonnalyk sowadyjy ammarydyr. Ösen tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylan desgalar 1 müň tonna ýeralma, 1 müň tonna miwe saklamaga niýetlenilip, olaryň 10 sowadyş bölümi, dolandyryş bölümi hem-de barlaghanasy bar.

Doly sanlylaşdyrylyp, internet ulgamy arkaly dolandyrylýan ammarlarda bazarlarda önüm bolçulygyny, bahalaryň elýeterligini üpjün etmek maksady bilen, işler gyzgalaňly dowam edýär. Bu ýerde alma, armyt, pyrtykal, banan, mandarin, kiwi, hurma, nektarin, şetdaly ýaly miweler saklanýar.

Sowadyjy desgalarda ýygnalýan möwsümde şertnamalaýyn esasda satyn alnan ýerli önümler, şeýle-de import edilen miweler ýörite gaplarda we şertlerde saklanýar. Olar Türkmenistanyň welaýatlaryna, Aşgabat şäherine yzygiderli ugradylýar. Getirilýän önümler, ilki barlaghanada barlanyp, olaryň ekologiýa taýdan arassalygyna gözegçilik edilýär.

Mary şäheriniň Baýram han köçesiniň ugrunda bu kärhananyň 10 müň 212 tonnalyk sowadyjy ammarynyň gurluşygy dowam edýär. Täze tehnologiýaly sowadyjy ammarlaryň sanynyň artdyrylmagy bolsa, ýygnalýan hasylyň zaýasyz saklanmagy we azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi bilen birlikde, bahalaryň elýeterligini gazanmaga şert döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň