«Ter kömelek» hojalyk jemgyýetiniň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda geçen ýyl işe girizilen kömelek ýyladyşhanasynda gelinkömelekleriň ilkinji hasyly ýygnaldy. Bu barada şu gün «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.
«Ter kömelek» hojalyk jemgyýetiniň kömelek ýyladyşhanasy 482 inedördül metr meýdanda ýerleşip, häzirki wagtda bu ýyladyşhananyň 150 inedördül metrinde gelinkömelegiň bol hasyly ýetişdirildi.
Kömelek ösdürip ýetişdirilende innowasiýa tehnologiýalary ulanylýar, oba hojalygynyň galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly kompost taýýarlanýar.
«Ter kömelek» hojalyk jemgyýeti kömelek ýyladyşhanasynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaklyk maksady bilen täze görnüşli organiki dökünleri öndürmegi meýilleşdirýär.
Tohumlary ekilen gelinkömelekler 60 günde ösüp ýetişýär, şondan soň bolsa hasyl ýygnalýar.