Özbegistanly dramaturg Alişer Azizhojaýewiň pýesasy esasynda döredilen «Giýewleriň bäsleşigi» gülkili sahna eseri 20 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň tomaşaçylaryna şatlyk paýlap gelýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.
Spektaklyň teatryň sahnasynda uzak wagt ýaşamagynyň sebäbi, türkmen we özbek halklarynyň däp-dessurlarynyň, aň-düşünjeleriniň, edim-gylymlarynyň meňzeşligidir.
Oýnuň mazmunyna görä, bäş sany dalaşgärler oba gözelini almak üçin synagdan geçýärler. Oba gözeli dalaşgär ýigitleriň öňünde birnäçe şertleri goýýar. Synaglaryň netijesinde bolsa gyz eli palta bilen uly agaç sütünini kesen ýigidi saýlap, şona hem durmuşa çykýar. Tomaşaçalarda uly gyzyklanma döreden, gülkili wakalara baý bolan sahna eseriniň ahyry toý tutulmak bilen tamamlanýar.
Režissýoryň kömekçisi Aşyr Ýemşikow we aktýorlar özbek obasynyň keşbini döretmegi başardylar. Çeşmäniň belleýşi ýaly, «Giýewler bäsleşigi» spektaklyň ilkinji režissýory Aman Kömekowyň sahnada şekillendirilendigi baradaky pikire doly laýyk gelýär.