Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2022-nji ýylda medeniýet ulgamy boýunça geçiriljek çäreleriň Maksatnamasy taýýarlanylýar

22:2614.01.2022
0
9215

14-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda medeniýet ulgamy boýunça geçiriljek çäreleriň Maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Maksatnamada dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri, dabaralary, sergileri, döredijilik bäsleşiklerini hem-de sanly ulgam arkaly maslahatlary, duşuşyklary, festiwallary we mediaforumlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda iýun aýynda Mary welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň jemini jemlemek we onuň çäklerindäki beýleki döredijilik bäsleşikleri bar.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýetiň, sözüň doly manysynda, ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň many-mazmunyny, häzirki jemgyýetiň ruhy gymmatlyklaryny, mähriban halkymyzyň aň-paýhas we döredijilik kuwwatyny kesgitleýändigini, ynsanperwer ulgamda amala aşyrylýan syýasatyň bolsa halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwletleriň we halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam edýändigini belledi.

Milli Lider hödürlenen maksatnamanyň taslamasyna käbir bellikleri girizip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen şu ýylda meýilleşdirilen ähli çäreleriň milli mirasy, ýurduň gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge ýardam etmelidigini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuna laýyk gelmelidigini nygtady we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň