Arhiw

“Sumbar Computer” dükanyna täze harytlar gelip gowuşdy

16:1013.01.2022
0
4959
“Sumbar Computer” dükanyna täze harytlar gelip gowuşdy

“Sumbar Computer” kompýuter tehnikalarynyň we beýleki degişli enjamlaryň dükany täze döwrebap elektron enjamlar, şeýle hem dükanyň resmi dilerlik edýän “UGREEN” haryt nyşanly kärhanasynyň önümleri bilen üpjün edildi.

Dükanda “UGREEN” haryt nyşanly enjamlaryň stol wentilýatorlary, howany nemlendirijileri, mör-möjek duzaklary, selfi taýaklary, telefon we planşet goýulýan enjamlary we awtoulaglar üçin tozan sorujylary bar.

Bulardan başga hem dükanda “Asus”, “Gigabyte” we beýleki öndürijilerden elektrik üpjün edijileri, “Toshiba”, “Seagate” ýaly öndürijileriň enjamlary we içerki gaty diskleri, kompýuterler üçin korpuslar, “Asus”, “Gigabyte” we beýlekileriň enelik platalary, daşarky we içerki diskowodlar, prosessorlar, termopastlar we smartfonlar üçin zerur enjamlar, dürli görnüşli kabeller we beýlekiler bar.

“Sumbar Computer” dükany şeýle hem müşderilere oturgyçlar, kompýuter stollary ýaly ofis mebelleriniň giň görnüşlerini hödürleýär.

“Sumbar Computer” dükanynyň salgysy: Aşgabat ş., A.Niýazow (Hudaýberdiýew) şaýoly, 99-njy jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 (12) 49 23 43.

Dükanyň satyn alnan harytlary Aşgabat şäherine (eltip bermek arkaly) we welaýatlaryň islendik ýerlerine (poçtanyň üsti bilen) iberýändigini bellemek gerek. Satyn alnan harydyň tölegi nagt we nagt däl görnüşde, bank karty arkaly, şeýle hem poçta geçirimleri bilen amala aşyrylyp bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň