Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Hytaý diwarynyň bir bölegi ýertitreme zerarly ýykyldy

10:2210.01.2022
0
9056

INTERFAX.RU habarlar gullugy Beýik Hytaý diwarynyň iki metr töweregi böleginiň Sinhaý ülkesinde bolan güýçli ýertitreme zerarly ýykylandygyny Global Times gazetiniň habaryna esaslanyp habar berdi.

Güýji 6,9 derejä deň bolan ýertitreme geçen şenbede Şandan uezdiniň demirgazyk-günbatar Gansu ülkesinde boldy. Medeni ýadygärlik gözden geçirilende, ýerli häkimiýetler diwaryň ýykylan ýeriniň üstünden bardylar we onuň dikeldiş işlerine girişildi. Gurban bolanlar ýok, dokuz adamyň şikes alandygy habar berilýär. Olar hassahana ýerleşdirildi.

Beýik Hytaý diwarynyň ýykylan bölegi Min imperiýasynyň höküm süren döwrüne (1368-1644 ýý.) degişli bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň