Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» bilen ýaryş tertibinde dördünji orny eýelän «Köpetdag» AFK-nyň kubogy ― 2022-niň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlaryny 17-nji ýanwarda biler. Şol gün yklym ýaryşynyň bije çekilişik dabarasy geçiriler.
Aziýanyň Futbol konfederasiýasy bu bije çekilişik üçin sebetleri kesgitledi. Geçen ýyl bolşy ýaly, biziň toparlarymyz ýene-de Merkezi sebitde ýaryşar. Bu sebitde iki toparça dörediler. Olaryň birinde dört, beýlekisinde üç wekil bolar. Sebitleýin final duşuşygy iki toparçanyň ýeňijisiniň arasynda geçiriler.
Sebetler, Merkezi sebit
1-nji sebet: «Nasaf» ýa-da «Sogdiana» (Özbegistan), «Hujand» (Täjigistan). Özbek toparlarynyň haýsynyň gatnaşjakdygy «Nasafyň» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda gazanjak netijesine bagly.
2-nji sebet: «Altyn asyr (Türkmenistan), «Dordoý» (Gyrgyzystan).
3-nji sebet: SSKA (Täjigistan), «Köpetdag» (Türkmenistan).
4-nji sebet: «Neftçi» (Gyrgyzystan).