Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda öňdebaryjy çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy

15:5407.01.2022
0
8369

Şu gün - 7-nji ýanwarda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gowşurylyş dabaralary geçirildi. Bu baýrak 1992-nji ýyldan bäri zehinli çagalara gowşurylyp gelinýär. Şu ýyl bu baýraga çagalaryň 63-si, çagalar döredijilik toparlarynyň bolsa 2-si, ýagny Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň deprekçiler topary, şeýle-de Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň bagşylar ansambly mynasyp boldy. Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan çagalara hem-de döredijilik toparlaryna ýörite Şahadatnama hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Baýraga mynasyp bolanlaryň arasynda döredijilikde, aýdym-sazda, sportda, ylymda, bilimde tapawutlanan çagalaryň has köp bolmagy Türkmenistanyň ösüşlerine öz mynasyp goşandyny goşjak bagtyýar nesilleriň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär.

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy — döredijilik hem-de sungat älemine ilkinji şowly ädimlerini äden çagalaryň, ýaşajyk zehinleriň ykrarnamasydyr. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň we beýleki döwlet bäsleşikleriň ýeňijisi bolmak bagty miýesser eden zehinli ýaşlaryň, sungat ussatlarynyň arasynda çagalygynda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna eýe bolanlaryň sany az däldir.

Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra ýeňiji bolan çagalaryň birnäçesi öz aýdymlary bilen çykyş etdiler. Çykyş eden çagalaryň gözlerinde şatlyk alamatlaryny, bagtyýar çagalyk döwrüniň gaýtalanmajak duýgularyny, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özleri hakda edýän aladalaryna we döredilýän mümkinçiliklere bolan buýsançlaryny aýdyň görünýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň