Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna sapary boýunça maslahat geçirdi

22:4505.01.2022
0
9394
Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna sapary boýunça maslahat geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

5-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna guralan saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri hem-de Lebap welaýatynyň häkimi gatnaşdylar.

Iş maslahatynda ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan işler barada hasabatlar berildi. Türkmen Lideri iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazaryna çykarmak babatda sanlyja ýylda dünýä ähmiýetli möhüm taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylandygyny belledi. Şol iri taslamalaryň biriniň hem “Malaý” gaz gysyjy desgasydygyny bellän döwlet Baştutany türkmen tebigy gazyny uzynlygy 188 kilometr bolan Malaý-Bagtyýarlyk turba geçirijisi arkaly Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine bermekde möhüm ähmiýetli bu desganyň laýyk 1 ýyl mundan ozal açylyp ulanmaga berlendigini belledi. Döwlet Baştutany Lebap welaýatyndaky “Malaý” ýatagyndan tebigy gazyň 1986-njy ýyldan bäri alynýandygyny belläp, başlangyç gory 358 milliard 700 million kub metr bolan bu känden häzirki döwre çenli 247 milliard kub metrden köp tebigy gazyň çykarylandygyny nygtady. Türkmen Lideri häzirki wagtda gaz çykarmagy dowam etmegiň, onuň çägini giňeltmek, şeýle hem özleşdirilýän gatlaklardan aşaky gatlaklardan gaz gorlaryny ýüze çykarmagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyna maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň