CAFA Bişkekde 19 ýaşa çenli ýygyndylaryň arasynda futzal boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyny geçirer

21:0905.01.2022
0
6966

Şu ýylyň 9 ― 18-nji fewraly aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň 19 ýaşa çenli futzal ýygyndylarynyň arasynda sebit birinjiligi geçiriler. Ýaryş CAFA ― Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy tarapyndan geçiriler. Bu barada Gyrgyzystanyň Futbol birleşigi habar berýär.

Bişkek şäheri CAFA-nyň guramagyndaky sebit ýaryşyny taryhynda ilkinji gezek kabul eder. Mundan ozal assosiasiýa sebit ýaryşlaryny Duşenbe (Täjigistan) we Daşkent (Özbegistan) şäherlerinde geçiripdi.

Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň bu assosiasiýanyň agzasydygyny ýatladýarys. Biziň ýaşlar ýygyndymyzyň ýaryşa gatnaşyp-gatnaşmajakdygy ýaryşyň öňüsyrasynda belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň