Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda iş maslahatyny geçirdi

23:0004.01.2022
0
5208
Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda iş maslahatyny geçirdi

Mary welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow, nebitgaz senagaty edaralarynyň, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň Mary welaýaty boýunça ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, bu sebitiň häkimi gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, Mary welaýatynda bar bolan känlerde gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.

Iş maslahatynda milletiň Liderine “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan 2022-2023-nji ýyllar üçin niýetlenen iş meýilnamasynda kesgitlenen wezipeler, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan geologik-gözleg işleriniň netijeleri;

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bar bolan gaz känlerini döwrebaplaşdyrmak, täze ýüze çykarylan känleri senagat taýdan özleşdirmek, dünýäde ekologik taýdan arassa gaz hökmünde ykrar edilen “mawy ýangyjyň” eksport ugurlaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar berildi. Şeýle hem hasabatlarda tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, bar bolan guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly täze känleri özleşdirmek boýunça bellenilen işleriň alnyp barylýandygy barada maglumatlar berildi.

Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen alnyp barylýan işler, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, iri “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň esasy ugurlary barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz ýataklarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, geljegi uly täze uglewodorod känlerini gözläp tapmak we ýüze çykarmak, olary ylmy esasda özleşdirmegiň hasabyna gazylyp alynýan tebigy serişdeleriň mukdaryny artdyrmak hem-de önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem ýurduň dürli künjeklerinde geofiziki barlaglary we düýpli barlag-gözleg, buraw işlerini geçirmek boýunça döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Tebigy gazy gaýtadan işlemek, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmeginiň milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmak bilen bir hatarda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýändigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine we ylmyň soňky gazananlaryna kybap gelmelidigine ünsi çekdi.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler täzeçil tehnologiýalara esaslanmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutany geçirilýän geologik-gözleg işleriniň depginlerini has-da güýçlendirmegi, aýratyn-da, nebitiň we gazyň gorlaryny gözlemäge we ýüze çykarmaga, täze nebitgaz känlerini açmaga gönükdirilen toplumlaýyn işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy-tejribe işlerini geçirmek boýunça häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryny, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly dünýäniň abraýly ugurdaş bilim edaralary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmelidigine ünsi çekdi.

Ýangyç-energetika toplumynyň, şol sanda geologik-gözleg edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilmelidir. Önümçilik desgalarynda zerur bolan döwrebaplaşdyryş işleri geçirilmelidir, täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna maýa goýumlary çekmek boýunça anyk teklipler taýýarlanylmalydyr diýip, döwlet Baştutany görkezme berdi.

Iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda pagtadan alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmak arkaly, gowaça ekilýän meýdany azaltmagyň hasabyna, ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ösdürip ýetişdirilmeginiň meýilleşdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda ösdürilýän gök we bakja ekinleriniň önümçiligi, maldarçylyk önümleriniň möçberleri artdyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň