Turkmenportal logo
28.12.21
1428114281
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün, 28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi.


Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilýän GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň däp bolan bu duşuşygyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary hem gatnaşýarlar.


Nobatdaky duşuşygyň maksady – 2021-nji ýylyň jemleriniň jemlenmeginden hem-de Arkalaşygyň çäklerinde netijeli özara hereketleriň ösdürilmegi boýunça geljekki hereketleriň kesgitlenilmeginden ybaratdyr. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde ýurtlaryň ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň we howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň meselelerine hem seredilip geçiler.