"Deňizçi" futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

23:5025.12.2021
0
6433

Futzal boýunça ýurdumyzyň birinjiligini jemleýji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde 35 utuk toplan “Deňizçi” topary çempionlyk derejesini gazandy. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde “Köpetdag” (34 utuk) hem-de “Gümrükçi” (21 utuk) toparlary eýelediler.

Ýaryşyň ýapylyş dabarasynda tapawutlanan futzalçylara baýraklar gowşuryldy. Şeýlelikde, garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 22-sini geçiren Mülkaman Annagulyýew (“Köpetdag”) bilen Awdylla Nursähedow (“Deňizçi”) iň köp tapawutlanan oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýelediler. “Deňizçiniň” derwezeçisi Meretgeldi Baýramow “Iň ökde derwezeçi” diýlip yglan edilen bolsa, onda bu toparyň tälimçisi Ýakup Öwezow tälimçileriň arasynda iň ökdesi diýlip saýlanyldy. TNGIZT topary çempiontyň jemi boýunça feýr-pleý baýragyna mynasyp görüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň