Soňky habarlar

Arhiw

«Sumbar Computer» dükanynda 2021-nji ýylyň netijeleri: «Ugreen» kompaniýasy bilen oňyn hyzmatdaşlyk we onlaýn söwdany işjeňleşdirmek

10:0525.12.2021
0
2887
«Sumbar Computer» dükanynda 2021-nji ýylyň netijeleri: «Ugreen» kompaniýasy bilen oňyn hyzmatdaşlyk we onlaýn söwdany işjeňleşdirmek

Kompýuter we periferiýa enjamlary dükany bolan «Sumbar Computer» türkmen bazarynda 10 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýär. Şu döwrüň içinde – 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda «Sumbar Computer» dükany örän uly iş tejribesini gazandy we ýurdumyzda IT enjamlary bilen ygtybarly üpjün ediji hökmünde meşhurlyga eýe bolup, giňden tanalmagy başardy.

«Sumbar Computer» dükanyndaky köp sanly elektronika önümleriniň dürli görnüşleri – kompýuterler, noutbuklar, monobloklar, tor enjamlary, gözegçilik ulgamlary, periferiýa enjamlary, ofis enjamlary bilen mebelleri we ş.m önümler müşderileriň ünsüni hemişe özüne çekýär.

«Sumbar Computer» dükany adamlar, hususy kärhanalar we döwlet edaralary bilen işleşýär.

«Sumbar Computer» dükany tamamlanyp barýan 2021-nji ýylda hem bir ýerde durman, häzirkizaman dünýäsiniň global ösüş aýratynlyklaryna we döwrüň talaplaryna laýyklykda müşderilere edýän söwda hyzmatlarynyň hilini döwrebap derejede ösdürmegi dowam etdirdi.

«Sumbar Computer» dükany internet söwdasyny işjeň ösdürmeklik maksady bilen resmi web sahypasyny täzedi we oňa onlaýn töleg, önümleri tehniki aýratynlyklar boýunça deňeşdirme, «halanan önüm» kategoriýasyna önüm goşmaklyk ýaly köpsanly täze hyzmatlary – funksiýalary (функция – hyzmat, iş wezipe) goşdy. «sumbar-сomputer.сom» web sahypasynyň kämil gözleg ulgamynyň düýp esas özeni düzýän bu hyzmatlar – funksiýalar bolsa, müşderileriň öz isleýän önümlerini örän tiz wagtda tapyp, saýlap satyn almaklygy üçin örän giň mümkinçilikleri we oňyn şertleri döredýär.

«Sumbar Computer» dükany 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary hilli kabelleri we periferiýa enjamlaryny öndürýän Hytaýyň «Ugreen» kompaniýasynyň resmi hyzmatdaşy bolup durýar. «Ugreen» kompaniýasynyň esasy artykmaçlygy önüminiň ýokary hilli we örän elýeterli bahaly bolmaklygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

«Sumbar Computer» dükanynyň müşderileriniň sany bu ýerde elmydama olar üçin hödürlemäge amatly söwda hyzmatlarynyň bardygy sebäpli yzygiderli ösýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň