Soňky habarlar

Arhiw

«Hasar» hojalyk jemgyýeti Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli sowgatlyk önümleriniň 140 müňden gowragyny taýýarlady

18:1324.12.2021
0
9351

«Hasar» hojalyk jemgyýeti türkmen raýatlary üçin Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli sowgatlyk önümleriniň 140 müňden gowragyny taýýarlady. Bu barada «Altyn asyr:Türkmenistan» web sahypasy habar berdi.

«Hasar» hojalyk jemgyýetiniň sowgatlyk önümlerine türkmen halky tarapyndan gowy görülýän «şokolad örtükli gawun», «Desse»,«Lezzet» süýjüleri, daşy «Täze ýylyňyz gutly bolsun» ýazgyly «Kebelek» marmelady, kak huruşly kemputlar we başga-da onlarça süýji önümleri degişlidir.

«Hasar» hojalyk jemgyýetiniň konditer önümleriniň ählisi tebigy önümlerden ýasalýar. Önümiň ýokary hili, arassaçylyk-gigiýena düzgünlerine berk eýerilmegi, çig malyň we taýýar önümiň hiline berk gözegçilik, önümiň alyjylara tiz ýetirilmegi «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň üstünlik gazanmagynyň girewidir. Bu hususy kärhananyň ýokary hilli önümleriniň bahasynyň elýeterliligi daşary ýurtly hyzmatdaşlary-da özüne çekýär. Häzirki wagtda bu ýerde çykarylýan önümleriň 30 göterimi eksport edilýär.

«Hasar» hojalyk jemgyýetinde döredilen distribýuterlik ulgamy ýurdumyzyň ähli sebitine, şeýle hem Owganystana, Saud Arabystanyna, Birleşen Arap Emirliklerine, Pakistana, Hytaýa, Gyrgyzystana, Eýrana, Gazagystana, Gruziýa, Azerbaýjana, Kuweýte iberilýän harytlaryň zerur möçberini takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň